Halkara giňişlikde

5 Fewral 2024
322

Tanyşdyrylyş dabaralary — Moskwada we Dohada

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny daşary ýurtlarda tanyşdyrmak maksady bilen guralýan çäreleriň estafeta taýajygy Moskwa hem gelip ýetdi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna we «tegelek stol» maslahatyna diplomatlar, dostlukly ýurtda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, şeýle-de bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Dabarada döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň gazanan üstünliklerinden söz açýan ilkinji eseriniň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Maslahatyň dowamynda bolsa şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada pikir alşyldy. Şunda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky doly ygtyýarly wekili E.Aýdogdyýew milli we halkara derejede guraljak ýubileý çäreleriniň söz ussadynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da beýgeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Türkmenistan»