«7/24. tm» № 06 (193), 05.02.2024
«Arkadag» futbol klubunyň türgenleri ýylyň ilkinji aýlarynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň ikisine gatnaşýarlar. 29 türgenden we 13 wekilden ybarat topar häzirki wagtda 26-njy ýanwar — 12-nji fewral aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýar. Topar şondan soň 16-njy fewral — 4-nji mart aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşar.