Milletiň ruhy sütüni

31 Ýanwar 2024
471

Ynsanlaryň arasyndaky dostana gatnaşyklar olaryň birek-birege näderejede hormat goýýandyklaryny, sarpalaýandyklaryny görkezýär. Goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp göreliň! Bu gatnaşyklar maşgalalaryň arasyndaky dostlugyň mizemezligini aňladyşy ýaly, medeniýet hem milletiň ruhy sütüni, gadymy we müdimi mirasydyr. Medeniýet asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, şu günlere çenli gelip ýeten gymmatlykdyr. Hut şonuň üçin ol sarpalanýar, goralýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we ony dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine kitaphana, muzeý we arhiw işi, halk çeperçilik, amaly-haşam döredijiligi, gozgalýan medeni gymmatlyklary äkitmek we getirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlardaky meseleleri düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalary hem şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, ýakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sirk sungatyny has-da kämilleşdirmek, sirkleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, «Medeniýet hakynda» we «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklandy.

«Esger».