Kabulda sebitdäki ýurtlar bilen üstaşyr-ulag we söwda hyzmatdaşlygy ugrunda duşuşyk geçirildi

30 Ýanwar 2024
434

Şu gün Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde bu ýurda goňşy bolan ýurtlaryň wekilleriniň we geňeşmelere gyzyklanma bildiren döwletleriň ilçileriniň gatnaşmagynda Sebtleýin hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäginde duşuşyk geçirildi. Bu barada «Ariana News» habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşanlaryň arasynda Türkmenistanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň, Özbegistanyň, Indoneziýanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri bar. Forumyň barşynda sebitdäki ýurtlar bilen Owganystanyň arasynda oňyn özara gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurulygy, bu ugurda tagallalaryň utgaşdyrylmagy, şeýle-de ykdysady mümkinçilikleri artdyrmak üçin, netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.