TDH BAE-niň WAM habarlar agentligi bilen hyzmatdaşlyk eder

29 Ýanwar 2024
552

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda ilkinji gezek saparda bolan WAM habarlar agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we WAM habarlar agentliginiň Baş direktory Mohammed Jalal al Raisi ikitaraplaýyn türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda, maglumat meseleleri boýunça  hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler.

Sahypany taýýarlan: Aýgül AŞYRMÄDOWA, «Biznes reklama».