Gazagystan Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden özara ýük daşamalary ýola goýmagy teklip etdi

25 Ýanwar 2024
424

Häzirki wagtda Gazagystanyň we Pakistanyň arasynda demir ýol arabaglanyşygy ýokdur. Munuň deregine, şol sanda Türkmenistanda bar bolan üstaşyr geçelgeleriň netijeli ulanylmagynyň uly geljeginiň barlygy bellenilýär.

Bu barada Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew 23-nji ýanwarda Pakistan Yslam Respublikasynyň aragatnaşyk, demir ýol we deňiz işleri ministriniň birinji orunbasary bilen bolan duşuşygynda mälim etdi. Onuň aýtamgyna görä, häzirki wagtda demir ýol we awtomobil ulagy arkaly Gazagystan – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça multimodal ulag gatnaşyklaryny guramak mümkinçilikleri bar.