Türkmenistanyň we Belarusyň ilçileri Moskwada söwda, logistika meselelerini maslahatlaşdylar

25 Ýanwar 2024
414

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew we onuň bu ýurtdaky belarus kärdeşi Dmitriý Krutoý 24-nji ýanwarda Moskwada duşuşyk geçirdiler. Onda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli meseleleri maslahatlaşyldy. Diplomatlar hususanda, iki ýurduň bir-birlerindäki söwda öýleriniň işi barada özara pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda, şol sanda GDA-nyň çäklerinde ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli derejedäki özara gepleşikleriniň tertbine hem garaldy. Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde logistika düzümlerini kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratynlykda garaldy. Bu barada Belarus Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berýär.