Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

18 Ýanwar 2024
886

Aşgabat, 17-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem ol häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belledi.