Ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi geçen ýyl Arkadag şäheriniň Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda boldy. Bäsleşige ýaş zehinli estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy. Netijede, zehinli aýdymçy Bahar Annaýewa bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Döredijilik toparymyzyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna eýe bolan ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa bilen taýýarlan gysgaça söhbetdeşligini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
— Bahar, sizi gazanan üstünligiňiz we uly şowhun bilen garşylanan Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýeňişleriňiz dowamly, Täze ýylyňyz düşümli bolsun!