Höwes, zehin, yhlas – üstünlikleriň gözbaşy

12 Ýanwar 2024
645

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, sportuň haýsydyr bir görnüşi bilen çynlakaý meşgullanmak, oňa durkuň bilen berilmek üçin hem çagalykdan höwes gerek. Ýöne diňe höwesiň ýeterlik däldigi, dogabitdi ukyp-başarnygyň, soňlugy bilen bolsa yhlasyň, hyjuwyň zerurdygy-da hemmä aýandyr. Biziň şu makalada söhbedini etjek türgenimiz hem özünde kiçiliginden sportuň boks görnüşine höwesiň dörändigini, ajaýyp şert-mümkinçilikleriň netijesinde, şeýle-de, kakasynyň ýakyndan goldaw bermeginde sportuň bu görnüşi bilen indi birnäçe ýyl bäri çynlakaý meşgullanýandygyna buýsanýandygyny aýratyn nygtamak bilen aýtdy. Elbetde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde, sporty hemişelik hemra edinmekde, mahlasy, sagdyn ruhly, sagdyn bedenli kämil adamlar bolup ýetişmekde öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin yhlaslaryny, zehinlerini aýamaýandyklaryny göreniňde, buýsanjyň bir gez belende göterilýär.

Balkanabat şäherinde 2006-njy ýylda dünýä inen, häzirki wagtda bu şäherdäki 24-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýan Ýazmyrat Bäbişow mundan bäş ýyldan gowrak wagt ozal welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň işiginden uly umytlar bilen ilkinji gezek ätleýär. Bu sport mekdebiniň boks boýunça tälimçisi Serdar Hajyýewiň geçirýän türgenleşiklerine şondan bäri her gün höwes bilen gatnap ýören türgeniň kem-kemden kämilleşýändigine onuň ýaryşlarda görkezen netijelerine ser salanyňda, aňryýany bilen göz ýetirip bolýar.

Aşyrberdi GURBANOW.