Türkmenistanyň futbol çempionaty - 2023:

12 Ýanwar 2024
471

sanlar we maglumatlar

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümi taryha girdi. Türkmen sportunyň taryhynda öz mynasyp ornuny tapan 2023-nji ýylyň futbol möwsümi täsirli duşuşyklaryň onlarçasyny öz içine aldy. Geçen ýylyň başynda döredilen «Arkadag» toparynyň çempionatdakydyr Kubok bäsleşigindäki ýeňlişsiz ýörişi, «Altyn Asyr» toparynyň bassyr ikinji ýyl kümüş medala mynasyp bolandygy, 7 ýyldan soň hormat münberine çykan Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparynyň netijeli çykyşy hakynda gazetimiziň şu sanynda gürrüň ederis.