Talyp türgenlerimiziň üstünligi

12 Ýanwar 2024
472

Eziz Diýarymyzda sport desgalarydyr mekdepleriniň, şeýle hem stadionlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy hem-de onuň jemgyýetdäki orny aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp oglan-gyzlaryň arasynda Uniwersiadalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiadalaryň guralmagy talyp ýaşlaryň arasynda sporta bolan höwesi has-da artdyrýar.

Ýegenmyrat ILAMANOW,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.