Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň teatr sungatynda-da giň gerimli ösüşler gazanyldy. Şular dogrusynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy Agamyrat Baltaýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.
— Agamyrat aga, söhbedimiziň başynda milli teatr sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri, halypa artist, režissýor Aman Gulmämmedowyň «Teatr — ykbal bagyş edilýän sungat» diýen sözlerini ýatlasymyz gelýär. Şonuň ýaly-da Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ulanylmaga berlen Arkadag şäheriniň döwlet drama teatryna halypa artist A.Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy milli teatr sungatymyzda ajaýyp taryhy waka boldy. Söhbedimizi şondan başlaýalyň...