Döwrebap hassahananyň giň mümkinçilikleri

3 Ýanwar 2024
633

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berlen Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynda raýatlarymyza ýokary derejede, köptaraplaýyn saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrmaga, howply täze döremeleriň öňüni almaga, keseli irki döwürde anyklap, netijeli bejermäge ähli mümkinçilikler döredilen.

Häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanyp gurlan 150 orunlyk bu hassahana birnäçe ýöriteleşdirilen bölümlerden ybarat bolup, olar dünýäniň iň kämil, innowasion lukmançylyk, tehniki enjamlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün edilen. Hassahanamyzyň lukmanlary ýurdumyzyň halkara derejeli hassahanalarynda, şeýle hem Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy klinikalarynda öz ugurlary boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.

Suraý GURBANOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.