Diýarymyz – sagdynlygyň mekany

29 Dekabr 2023
630

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda keselleriň öňüni almak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, anyklaýyş-bejeriş işlerini kämilleşdirmek, döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, derman senagatyny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň mekanyna öwrüldi.

Ähli etrap-şäherlerde dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralary gurulýar we döwrebaplaşdyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, şu ýyl saglygy goraýyş ulgamyna Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdeleri goýberilip, saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesi gönükdirildi. Paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa merkezleriniň düýbi tutuldy. Ajaýyp Arkadag şäherinde bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 350 orunlyk köpugurly hassahananyň,