«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Täze taryhy eýýamda milli sportumyzyň täze belentliklere çykmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak ugrunda başyny başlan köptaraply işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, täze sepgitleri nazarlaýandygynyň buýsandyryjy güwäsidir. Onuň, hakykatdan-da, şeýledigine ýakynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň — Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy aýdyň şaýatlyk edýär.