«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Soňky ýyllarda halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlykda paýtagtymyzdaky dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda geçirilýän halkara ýaryşlaryň sany barha artýar. Ilkinji gezek bu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 62-sinden iň ezber türgenleriň 5 müňden gowragyny özünde jemlän oýunlarda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Şeýle-de sport şäherçesiniň çäklerinde 2018-nji ýylda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. 2023-nji ýylyň iýun aýynda paýtagtymyz 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ikinji gezek geçirilen ýeri boldy. Onda 6 ýurduň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş tennisçileri toparlaýyn birinjilik ugrunda bäsleşdiler. Bu sport çäreleri halkara gatnaşyklaryny, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmak işine mynasyp goşantdyr. Golaýda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň ýene-de bir nobatdaky üstünligi boldy.