«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratyn hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ähli welaýat, etrap merkezlerinde sport-bedenterbiýe toplumlaryny gurmak işleri ýokary derejede ýola goýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işlerini dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş durmuş ýörelgesi öňe sürülýär.