Bagtyýar zamanamyzda her ýyly bellibir şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi tutuş ýylymyzy şanly wakalara beslemek bilen, geljekki menzilleriň wezipelerini kesgitlemäge-de oňyn mümkinçilik berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz medeniýet ulgamynda-da buýsançly pursatlara beslendi.
2023-nji ýylyň şanly sahypalaryna Arkadag şäheriniň açylyş dabaralary altyn harplar bilen ýazyldy. Bu ajaýyp şäher açylan gününden medeni çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi.