«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Adamzat köp wagtdan bäri sport bilen meşgullanýar we sportuň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagynda hem adamzadyň tutýan orny örän ýokarydyr. Aýratyn-da toply oýunlaryň peýda bolmagy hem irki döwürlerden gözbaş alýar. Gadymy Müsürde tapylan diwar şekillerinde aýak bilen oýnalýan topuň suraty çekilipdir. Hatda şol döwürlerden galan diametri 7,5 sm bolan deriden ýa-da kendirden edilen toplar häzirki wagtda birnäçe muzeýde saklanýar. Bu bolsa adamzadyň döreýiş taryhynda hem birnäçe sport görnüşleri bilen meşgul bolandyklarynyň subutnamasydyr. Bu şekiller barada aýdanymyzda olaryň 2500 ýyl ozalky döwürlere degişlidigi çaklanylýar.