Şu günler ýurdumyz toý-dabaralaryna beslenýär, ildeşlerimiz Täze ýyl baýramçylygyna ruhubelenetlik bilen barýarlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda goňşy döwletleriň estrada ýyldyzlarynyň baýramçylyk şüweleňi geçirilýär. Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumyndaky şüweleň daşary ýurtly sungat ussatlary örän gysga wagtda on millionlarça ynsanlaryň söýüp diňleýän estrada ýyldyzlaryna öwrülen türkiýeli aýdymçylar Burak Buludyň we Kurtuluş Kuşuň konserti bilen has-da täsirli boldy. Diňe bir Türkiýede däl, eýsem, bütin dünýäde, ildeşlerimiziň arasynda hem meşhurlyk gazanan ýaş aýdymçylar türkmenistanly muşdaklaryny ynsan ömrüniň juwanlyk ýyllarynyň duýgy-düşünjelerini beýan edýän aýdymlary bilen begendirdiler.
Sungatdaky döredijilik ýollaryny birikdirenlerine köp wagt geçmedik Burak Buludyň we Kurtuluş Kuşuň bilelikdäki köpöwüşginli aýdymlary meşhurlyga eýe boldy. Olaryň durmuş temasyndaky özboluşly duýgy-düşünjelere gaplanan aýdymlary ýaşlar bilen bir hatarda, uly ýaşlylaryň-da ünsüni özüne çekýär. Biri-birine sepleşýän duet görnüşindäki aýdymlar tomaşaçylary haýrana goýýar. Uly meşhurlyga eýe bolan aýdymçy ýigitler Täze ýylyň bosagasynda türkmenistanly muşdaklaryna iň täze hem joşgunly aýdymlardan taýýarlan çemenini sowgat etdiler.