«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Gara altyn» topary futzal boýunça Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. Döwlet Annaýewiň tälim berýän «Gara altyn» topary finalda paýtagtymyzyň «Köpetdagy» bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen final oýnunda talyplar has ynamly çykyş etdiler we öz mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagy başardylar. Netijede, olar bäsdeşleriniň derwezesine jogapsyz üç pökgi girizmegi başardylar. Munuň özi «Gara altyn» toparynyň ýeňiş gazanmak üçin eden yhlasynyň ýerine düşendigini görkezýär.