Änew şäheri — 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty»

18 Dekabr 2023
652

Mälim bolşy ýaly, 15-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hasabatyň barşynda Änew şäherine berlen ýörite göçme kubogy gowşurmak dabarasy barada hem aýdylyp, hormatly Prezidentimiz onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini degişli ýolbaşça tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde dabara geçirildi.

Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt geçen ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekdi, şonuň esasynda guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.

"Nesil".