Türkmenistan Ýerewanda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ministrler duşuşygyna gatnaşdy

18 Dekabr 2023
618

14-15-nji dekabr aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi. Çäräniň temasy “Deňligi stimulirlemek, durnukly we üýtgewsiz ykdysadyýet üçin elýeterli we öz içine alyjy ulag aragatnaşygy” diýlip atlandyryldy. Duşuşyk, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde geçiriljek ösüp barýan ýurtlaryň Üçünji maslahatynyň (LLDC) öňünden geçirilen taýýarlyk tapgyrydyr.

Foruma 30-dan gowrak ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Umumy mejlise Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji konferensiýasynyň Baş sekretary Rabab Fatima gatnaşdy. Türkmenistana ýurduň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi wekilçilik etdi.