Taryhyň çuňluklaryndan geljegiň belentliklerine

18 Dekabr 2023
498

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly göwün göterýän dabaralara hem-de şatlykly wakalara juda baý boldy. Her güni bagtyň güli deýin görnen bu ýylyň üstünlikler dessesini jemlemäge az wagt galdy. Şatlykly habarlaryň goşa-goşadan gelmegi döwletliligiň alamaty, bu Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus aýratynlyklaryň biri. Ýylyň jemlenýän günlerinde ýurdumyzyň dürli sebitlerinde bolup geçýän dabaralar, daşary ýurtlardan, halkara guramalardan gelip gowuşýan şatlykly habarlar öňde duran täze — 2024-nji ýylyň hörpüni, howasyny, howalasyny öňünden duýmaga häzirden şert döredýär.

Geçen şenbe güni Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde guralan toý-dabara hem muny tassyklaýar. Türkmenistanyň Änew şäheriniň geljek ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly bu gadymy şähere berlen göçme kubogyň gowşurylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.