Ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» estrada bäsleşiginiň jemi jemlendi

16 Dekabr 2023
555

Arkadag şäheri, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda amala aşyrylýan özboluşly taslamalar ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, şonuň bilen halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklarynyň, baý aýdym-saz medeniýetiniň üstüni ýetirmäge ýardam edýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurlup ulanmaga berilýär we olarda aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylaryň çykyşlary guralýar.