Sungat halklary ýakynlaşdyrýar

16 Dekabr 2023
533

14-15-nji dekabrda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Mary welaýatynda guralan amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Daşary işler we Medeniýet ministrlikleriniň, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň hem-de Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Mary şäherinde geçirilen dabaraly çäreler türkmen-eýran halklarynyň beýleki ugurlar bilen birlikde, medeni hyzmatdaşlygynyň hem pugtalanýandygyny görkezdi.

Myhmanlar gadymdan gelýän asylly däplerimiz bolan myhmansöýerlik bilen garşylandy. Soňra dabara gatnaşanlar welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde iki ýurduň amaly-haşam we mozaika sungatynyň ussatlarynyň çeperçilik bilen ýerine ýetiren işleri bilen tanyşdylar. Döredijilik toparlarynyň eserlerinde tebigat gözellikleri, ýaşaýşa, durmuşa söýgi, parahatçylyk, asudalyk, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary öz beýanyny tapýar. Dostlukly döwletiň wekilleri milli gymmatlyklarymyz bolan şaý-seplerimize, haly önümlerimize, nakgaşçylyk sungatymyza uly gyzyklanma bildirdiler. Soňra Eýranyň mozaika sungatynyň hünärmenleriniň ussatlyk sapaklary guraldy. Goňşy ýurduň wekilleri bu sungatyň döreýşi, ösüşi we ony has-da kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Döredijilik toparlarynyň el hünärinden ajaýyp eserler döredi. Myhmanlar bu sungata biziň ýurdumyzda-da uly üns berilýändigini nygtadylar. Günüň ikinji ýarymynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda iki ýurduň aýdym-saz toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary guraldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň täsirli çykyşlary dost-doganlyk mukamlary bolup, köňülleri we ýürekleri has-da ýakynlaşdyrdy.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwlet Muhamow.