Sungat ussatlarynyň şowhunly konserti

15 Dekabr 2023
782

Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeni mirasyny düýpli öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek häzirki wagtda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, baý medeni mirasymyz aýdym-sazlaryň, gazallaryň, aýdyşyklaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Ata Watanymyzda giňden bellenilýän şanly seneleriň ählisinde hem aýdym-sazly dabaralar öz mynasyp ornuny tapýar. Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýän günlerinde hem ähli ýerlerde dabaralar, aýdym-sazly çykyşlar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylary Begmyrat Annamyradowyň, Gülşat Gurdowanyň, Durdy Durdyýewiň, Arslan Gulmämmedowyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdymlar hem şowhunlylygy, täsirliligi bilen ýatda galdy. Täze ýyl baýramyna bagyşlanan konserte aýdym-saz sungatynyň muşdaklary höwes bilen gatnaşyp, bezemen sahnada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň belent owazda ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny uly ruhubelentlikde dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Nursoltan DEPBIÝEWA.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».