Me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa — halk­la­ry je­bis­leş­dir­ýän dostluk köprüsi

15 Dekabr 2023
758

Häzirki ösen eýýamymyzda ýurduň syýasy, ykdysady durnuklylygyny saklamak, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan, umumy bähbitleri nazarlaýan dostana gatnaşyklara bagly bolup durýar. Şol gatnaşyklaryň binýadynyň berk bolmagyna bolsa medeni diplomatiýa gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. Çünki islendik halkyň dilini bilseň, oňat pikir alşyp, medeniýetini, milli däp-dessuryny bilseň, kalbyna barýan inçe ýoly yzarlap bolýar. Bu babatda Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ençeme ýurtlary, halkara guramalary bilen ýola goýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeň häsiýete eýedir. Medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu günki gün ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy - Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) ýaly iri halkara guramalary bilen maddy we medeni gymmatlyklary gorap saklamak, ösdürmek, geljek nesillere miras goýmak işinde halklaryň, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýar. Her ýylda edebi ýygnanyşyklar, opera, teatr, saz, tans festiwallary, forumlary, medeniýet we sungat işgärleriniň özara tejribe alyşmaklary hem-de her bir halkyň özüniň medeni däp-dessurlaryny wagyz etmekleri bilen bagly Medeniýet günleri geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň «Adamzat» atly goşgusyndan okamagy akyldar şahyryň döredijiliginiň dünýä ýüzünde dabaralanmasy bolup, taryhyň sahypasyna ýazyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän özboluşly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar, oňa hormat goýýar.

Aýnabat NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.