Diýaryň jahankeşdesi

15 Dekabr 2023
593

Ol çagalykdan medeni ýadygärliklere, milli miras bilen bagly zatlara imrinerdi. Taryhy ýerler bolsun, el senedi bilen bagly gural bolsun, parhy ýok, Şirin oňa durky-düýrmegi bilen berlerdi. Kakasynyň taryha, mirasa dahylly süýji gürrüňlerinden gulagyny gandyran gyzyň hyýallary ony alyslara äkiderdi. Şirin hyýalynda gadymy Köneürgenje, Merwe seýran ederdi, çünki bu gadymy ýadygärlikler hakda mekdepde geçilýän taryh dersinden kän zatlar öwrendi. Ese-boýa galyp başlandanam, Şiriniň bar küýi taryhy kitaplarda boldy. Şeýde-şeýde, ol ykbalyň salgy beren ýoluny yzarlap, alymlyga ýetdi, ajaýyp zenan, ussat taryhçy, ezber mirasgär hökmünde ykrar edildi. Hawa, Şirin Gylyçmedowa durmuşda arzuwlarynyň salgy beren ýoluny dürs tapan zenanlaryň biridir. Şiriniň hem alymlyk, hem žurnalistlik ukyby özara utgaşyp, «Miras» teleýaýlymynda yzygiderli berilýän gepleşiklerdäki alypbaryjylygy bilen sazlaşyp, ony ýurdumyzyň iň bir meşhur medeniýet işgärleriniň hataryna goşdy. 

Ykbal. Ol her bir ynsana arzuwdyr hyýallary esasynda örklenen durmuş ýoluny salgy berýär. Umytlaryň yzynda ser-sepil bolup ýaşaýan, wysala tarap ädimleýän her bir ynsan, ýüreginiň sesine we täleýiniň salgysyna dogry düşünse, onuň derejeli ykbala eýe boljakdygy ikuçsuz. Ine, biziň bu alymymyz hem hut şeýle arzyly takdyra eýe bolan zenanlardan. Taryhy ýadygärlikler baradaky söhbetler, başda-da belleýşimiz ýaly, Şirin entek gulpaklyja gyzka, onuň aňynda edil daşa ýazylan ýaly bolup galypdy. Olardan hasam zenan şahsyýetlerimize degişli gürrüňler onuň üçin juda gyzyklydy. Törebeg hanym, Daýahatyn bijaý owadanlygy bilen ýadynda galan bolsa, Rodoguna, Altynjan hatyn, Tumar şa, Patma hatyn, Melike hatyn ýaly merdemsi zenanlar onuň kalbynda batyrgaýlygyň nusgasy bolup ýaşaýardy. Şonuň üçinem olar bilen bagly diýseň gyzykly rowaýatlary hakyda depderine birin-birin möhürläp çykypdy.

Akkeýik ALLAGULYÝEWA,
«Diýar».