Göwünleri ganatlandyran hoş habar

14 Dekabr 2023
672

Bedew — türkmeniň göwün syrdaşy. Taryhyň dowamynda ahalteke bedewleri türkmen halkynyň göwnüne ganat berip gelipdir. Sebäbi ol türkmeniň kyn gününiňem, şat günleriniň-de şaýady. Ýelden-Günden goraglap, tagamlaryň iň gowusyny, iň ýokumlysyny iýdirendigi, çaga terbiýeleýän dek käýerde zabun, käýerde mährem bolandygy üçin-de türkmen zeminde deňsiz-taýsyz bedew tohumyny kemala getiripdir. Bu gün bolsa toýlarymyzyň ýaraşygy ahalteke bedewlerimiz bilen baglanyşykly hoş habar ýene-de türkmeniň göwün guşuny al-asmana göterdi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň şu ýylyň 5-nji dekabrynda geçirilen 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habar her bir türkmen ojagyna toý buşlugy bolup doldy.

Türkmeniň toýlary goşa-goşadan gelýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň toýunda dünýä jemgyýetçiligi bize iň bir ajaýyp sowgatlaryň birini etdi. Çünki türkmen üçin çagasy, bedew aty bilen baglanyşykly hoş habar ýaly uly şatlygy tapyp bolar öýdemzok. Sebäbi bu hoş habar halkymyzyň kalbyna goýlan beýik hormatyň nyşany. Ata-babalarymyzyň yhlasyndan kemala gelen ajaýyplygy tutuş dünýä ýüzüniň öz baýlygy hökmünde sarpalaýandygy hakdaky buýsanç kelamy.

Bahar ŞAMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.