Dostlukly gatnaşyklaryň miwesi

14 Dekabr 2023
525

Düýn Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary bilen birlikde Eýran Yslam Respublikasyndan gelen sungat, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlyklaryň, şol sanda medeniýet ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini, şu günki sergide bolsa halklaryň milli gymmatlyklarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga özboluşly ýardam berýändigini buýsanç bilen nygtadylar.

Ýörite habarçymyz.