Halklary birleşdirýän sungat

14 Dekabr 2023
544

Gahryman Arkadagymyzyň: «Goý, saz-söhbet, şahyrana söz bilen, pähim arkaly köňüller birleşsin. Parahat we agzybir durmuşyň gözbaşy köňlüň bitewüligindedir. Parahatçylyk söýüjilikli taglymat bolsa türkmen edebiýatynyň, sazynyň gözbaşlaryndan gaýdyp, tereňlik bilen nepesiňi durlaýar» diýen sözleri hemişelik Bitaraplyk toýuny toýlaýan günlerimizde geçirilen çäreleriň, dabaralaryň beýanyna öwrüldi. Şeýle pikirleri Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen baýramçylyk konserti babatda-da aýdyp bolar.

Hökümet agzalarynyň, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileriniň, döredijilik işgärleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen konsert «Bitarapdyr, parahatdyr illerim!» atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. «Meňli», «Näzli», «Aşgabat», «Galkynyş», «Dokmaçylar», «Serpaý», «Miras» toparlarynyň we ýurdumyzyň folklor toparlarynyň çykyşlary sungatyň birleşdiriji güýje eýedigini görkezdi. Estrada aýdymçylarymyzyň gyrgyz, gazak, täjik, özbek, azerbaýjan, nemes, ýapon, fransuz, hindi, koreý, hytaý, iňlis, italýan, rus, ispan, türk we arap dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary baýramçylyk dabarasynyň özboluşly gutlagnamasyna öwrüldi.

Ýörite habarçymyz.