Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin hem yzygiderli aladalanýar. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň ganaty bolan aýdym-saz sungatyny ösdürmek täze eýýamyň eşretli günlerinde uly rowaçlyklara beslenýär. Häzirki döwürde türkmen sungaty Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik aladasy netijesinde, uly ösüşlere eýe bolýar. Aýdym-saz ugrundan ýurdumyzda ýygy-ýygydan geçirilýän festiwallar, bäsleşikler, medeniýet günleri bu ugruň ýaýbaňlanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.
Kämil medeniýetiň hem-de sungatyň döremegine, yzygiderli ösmegine itergi berýän esasy zatlar ynsan durmuşynyň çuň manylylygy we onuň döredijilik güýjüniň köp taraply ösüşidir. Halk döredijiliginiň ähli ugurlarda gazananlaryna esaslanyp, has-da köp öwüşgünli, çuňňur eserler döredýär. Ata-babalarymyz aýdym-sazy durmuşda hemişelik hemrasyna öwrüpdirler. Aýdym-saz äleminiň ussatlarynyň her bir aýdym-sazy uly yhlas bilen döredendikleri mälim hakykatdyr. Meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň şägirtlerine: “Bir sazy döretmek bir daragty ösdürip ýetişdirençe bardyr, hatda ondanam kyndyr, azap ediň” diýen sözleri, Sary bagşy ýaly halypalaryň: “Türkmeniň aýdym-sazy giden akabadyr, azabyny çekmeseň, ondan saňa agyz suwam ýetmez” diýen pentleri ykbalyny sungat älemine baglan adamlar üçin hemişelik durmuş ýörelgesi bolupdyr.