Uzak ýaşamagyň şerti

13 Dekabr 2023
590

Uzak ýaş durmuşy-biologiki ýagdaý bolup, adamyň ortaça ýaşynyň dowamlylygyndan has ýokary, aňryçäk ýaşa çenli ýaşaýjylygy bilen häsiýetlendirilýär. Uzak ýaşlylygy 90 ýaşdan, käbir gerontologik we statistiki barlaglar boýunça bolsa, 100 ýaşdan hasaplamak kabul edilendir.

Uzak ýaşlylaryň, adatça, degna işjeňligi güýçli we deňagramly bolýar. Aglaba gerontologlaryň pikirine görä, uzak ýyllaryň dowamynda ýaşaýşa ukybyň saklanylmagyny genetiki aýratynlyklar bilen hem şertlendirip bolar. Şol bir wagtyň özünde-de ömrüň dowamlylygyna ýaşaýyş şertleri, ilatyň durmuş endikleriniň aýratynlygy täsir edýär. Geçirilen barlaglarda uzak ýaşamaga diňe bir saglygyň däl-de, durmuş endikleriniň hem täsir edýändigi nygtalýar. Zähmeti we dynç alşy işjeň gezekleşdirmek, zyýanly endiklerden daşda bolmak, sagdyn iýmitlenmek, maşgala abadançylygy, asuda hem tebigy durmuş uzak ýaşamagyň gözbaşy bolup durýar.