Halypalardan tälim alan

8 Dekabr 2023
678

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ýaşlary ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazandylar. Munuň şeýledigine milli aýdym-saz sungatynda olaryň gazanan üstünliklerine ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýaşlarymyzyň şeýle üstünlikleri gazanmaklarynyň sakasynda bolsa ýaş zehinleri ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dur.

Mugallym Döwlet Daňatarow 2016-njy ýyldan bäri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde zähmet çekip gelýär. Ol talyp ýaşlara milli senedimiz bolan dutaryň inçe syrlaryny öwredýär. Häzirki wagtda «Türkmen owazy» teleýaýlymynda onuň ýazgylary halk köpçüligine yzygiderli ýetirilýär. Mugallym mekdebiň hasabat konsertlerinde «Şelepli durna», «Zybagözel» ýaly türkmen halk sazlaryny halk saz gurallary orkestri bilen ussatlarça ýerine ýetirip, diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Hanguly ÖWEZOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.