Baýramçylyk sergisi

7 Dekabr 2023
565

Şeýle at bilen 6-njy dekabrda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde baýramçylyk sergi guraldy. Sergide Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirýän fotosuratlar, muzeý gymmatlyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny täsirli beýan edýän döwürleýin neşirler serginiň özboluşly bezegine öwrüldi. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşan muzeý işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp barýan beýik işleri barada aýratyn durup geçdiler.

Durdymyrat ATDAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.