Sowuklamada haýsy alamatlara üns bermeli?

7 Dekabr 2023
983

Sowuklama burnuň nemli bardasynyň gaýnaglamasy, burnuň dykylmasy we beden temperaturasynyň ýokarlanmagy, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Rinit — gulak, burun, bokurdak agzalarynda we ýokary dem alyş ýollarynda ýygy duş gelýän keselleriň biri bolup, beýleki keseller bilen bilelikde ýa-da özbaşdak hem ýüze çykyp bilýär. Ol dürli ýaşdaky adamlarda, esasan-da, çagalarda köp ýüze çykýar. Köplenç, bu kesele duçar bolan näsaglar oňa biparh seredýärler ýa-da ýörite bejergä mätäç däl diýip ýalňyş pikir edýärler.

Güljahan ANNAMYRADOWA,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň lukmany.