Suratkeşleriň eserleriniň sergisi

6 Dekabr 2023
635

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň guramagynda welaýatymyzyň suratkeşleriniň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergiler merkezinde guralan sergide çeperçilik sungatynyň dürli ugurlaryndan bilim berýän halypa we ýaş suratkeşleriň nakgaş, grafika, heýkel, zergärçilik, keramika, haly eserleriniň 300-den gowragy görkezildi. Döredijilik eserleriniň temasy giň many--mazmuna eýe bolup, olarda nepis reňklerde ussatlyk bilen welaýatyň taryhynyň, gözel tebigatynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy ýetirilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan uly göwrümli eserler sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýakynda welaýatymyzda geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly simpoziumyň dowamynda täze döredilen işler hem öz beýanyny tapdy. Sergini görmäge gelenler, halypa we ýaş suratkeşler ýurdumyzda şekillendiriş sungatynyň döwrebap eserlerini döretmek we dünýä ýaýmak üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ajaýyp eserleri bilen tapawutlanan suratkeşlere Hormat hatlary gowşuryldy.

Röwşen ÇOPANOW,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.