Binagärlik sungatynyň röwşen ýolunda

5 Dekabr 2023
1252

Bu günki gün Diýarymyz uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Kaşaňdan owadan binalaryň ulanyşa berilmeginde, täzeleriniň düýbüniň tutulmagynda telekeçilerimiziňem mynasyp paýy bar. Olar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, daşary ýurt bazarlarynda-da öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Binagärlik sungatynyň ussatlarynyň biri-de «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýetidir. Habarçymyz bu hojalyk jemgyýetiniň direktory Baýram Orazberdiýew bilen söhbetdeş boldy.

— Baýram, mälim bolşy ýaly, işewürlerimiz daşary ýurtlarda-da gözel ymaratlary bina edýärler. Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzüminde gurlan 160 orunlyk çagalar bagynyň, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Funtowo obasyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşyklaryny muňa mysal getirmek bolar. Siziň jemgyýetiňize hem dostlukly Täjigistan Respublikasynda täze mekdebi gurmak ynanyldy. Söhbedi şundan başlaýalyň!

Söhbetdeş bolan Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».