Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýa geldi

1 Dekabr 2023
536

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Saparyň maksady 30-njy noýabr — 12-nji dekabr aralygynda Dubaýda geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmakdan ybaratdyr.

Irden döwlet Baştutanymyzyň uçary Dubaý şäheriniň Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

«Türkmenistan»
Dubaý ş.