Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara topar dörediler

1 Dekabr 2023
452

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hem-de Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara topary döretmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, geçirilýän işler raýat awiasiýasynyň Halkara guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny, yzygiderliligini we netijeliligini ýokary derejede üpjün etmäge gönükdirilendir.