Dostlugy berkiden sport baýramy

30 Noýabr 2023
558

Kuraş boýunça dünýä çempionatyndan soňky oýlanmalar

Taryh gazanylýan ýeňişler bilen has-da şöhratlanýar. Biz muňa paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. «Ýeňiş» diýlende, diňe bir 15 türgenimiziň 15 ýerden gazanan medallaryny göz öňünde tutamzok. Dogrusy, bu ajaýyp üstünlik! Çempionaty kabul etmek we ony ýokary derejede geçirmek bilen, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda, sportuň barha ilerledilmeginde, ýagşylykda jahana nusga bolmakda, ajaýyplyklaryny, aýratynlyklaryny Ýer ýüzüne ýaýmakda-da ýeňiş baryny gazandy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.