Çuňňur hoşallygyň nyşany

30 Noýabr 2023
629

Düýn Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda bolmagynyň çäklerinde, Halkara kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Haýder Farman ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, paýtagtymyzda dünýä ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde ýörite sport lybaslaryny we olaryň güwänamalaryny gowşurdy. Munuň özi ýurdumyzda sportuň başa-baş söweş sungaty ugruna degişli görnüşleriniň ösdürilmegine, aýratyn-da, Olimpiýa hereketiniň giň gerime eýe bolmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär. Gowşurylan sport lybaslary we olaryň güwänamalary bolsa bu ugurdaky köpugurly işlere hoşallyk hökmünde kabul edildi.