Çempionlaryň sözi

30 Noýabr 2023
617

Ulbusin HAKIMOWA,
zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony (Özbegistan):

— Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşmak meniň üçin ýakymly tejribe boldy. Bu ajaýyp şähere ilkinji gezek gelip görýärin. Ilkinji gadamymyň dünýä çempionlygyna beslenmegi has-da begendirdi. Çempionatda özüm üçin iň mynasyp garşydaş türkmenistanly türgen Aýşirin Haýdarowa boldy diýip hasaplaýaryn. Onuň bilen ozal hem käbir ýaryşlarda ýaryş düşekçesine çykmak miýesser edipdi. Ýaryşlardaky bäsdeşime, başga wagtlardaky ýakyn boýdaşyma geljekde has uly üstünlikleri arzuw edýärin.