Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

29 Noýabr 2023
812

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi.