Sport — dostluk köprüsi

28 Noýabr 2023
434

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sportuň ösýän, abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Türkmenistanyň sport ulgamynda işjeň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagy döwletimiziň dünýäniň halkara sport ulgamyna netijeli goşulyşýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda dürli sport ýaryşlarynyň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy we geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar.

Sport ýaryşlary sportuň, medeniýetiň, halkara hyzmatdaşlygynyň üsti bilen parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk taglymlaryny durmuşa geçirmegiň özboluşly ädimidir. Paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýaly ýaryşlaryň diňe sport tarapyndan başga-da, bu işde ykdysady, maýa goýum, syýahatçylyk ugurlarynda özüne çekiji hyzmatdaş, baý medeni-taryhy mirasy, beýleki döwletleriň we halklaryň wekillerine hormat goýmak, dostlukly gatnaşyklara, myhmansöýerlige we göwnaçyklyga eýerýän, asyrlara uzap gidýän däpleri bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň geljegini we mümkinçiliklerini açyp görkezmäge täsiri uludyr. Ajaýyp sport desgalarynda türgenleriň duşuşyklary milli sportuň ösmegine, parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän halkara gatnaşyklaryň kämilleşmegine, Türkmenistanda halkara sport we olimpiýa hereketiniň ösmegine uly goşant goşýar.

Aýjamal TAGANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.