Taryha şan beren sport baýramy

28 Noýabr 2023
465

Sportuň, dostlugyň we ruhubelentligiň merkezine öwrülen merjen şäherimiz Aşgabat 23 – 28-nji noýabr aralygynda ýene bir ajaýyp sport baýramçylygyny – Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul etdi. Ýokary derejede, guramaçylykly geçirilen, sport jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolan bu çempionat taryhy pursatlary we netijeleri bilen hakydada galar.

Soňky 10 ýyldan gowrak wagtdan bäri ýurdumyzda sebit, yklym we dünýä derejeli iri ýaryşlaryň köp sanlysy geçirildi. Şolaryň ählisini hem ýokary derejede geçirýän döwletimiz dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Kuraş boýunça Aşgabatda geçirilen 14-nji dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Halkara Kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýdar Farmani bilen söhbetdeş bolanymyzda, assosiasiýanyň 2017-nji ýylda geçirilen Aşgabat Aziadasyndan bäri türkmen paýtagtynda iri ýaryşlaryň birini geçirmegi ýüregine düwüp gelýändigini, şol maksadyň hem 2023-nji ýylda durmuşa geçirilendigini aýtdy. Ýeri gelende, soňky ýyllarda agyr atletika, tennis ýaly sport görnüşleri boýunça halkara federasiýalardyr assosiasiýalar hem türkmen paýtagtynda iri ýaryşlaryň birnäçesini geçirdiler. 2025-nji ýylda bolsa paýtagtymyzda ýene bir iri sport baýramçylygy – sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist