Lebaply kuraşçylar dünýä çempionatynda dördünji medalyny gazandylar

28 Noýabr 2023
327

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň agzalarynyň ikisi Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.

Has takygy, zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli agram derejesinde Aýşirin Haýdarowa, 52 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Aýnur Amanowa ýaryşy kümüş medal bilen tamamladylar.