Türkmenabatly türgen ilkinji halkara medalyny gazandy

28 Noýabr 2023
454

Aşgabatda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ilkinji medalçysy belli boldy.

Zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejäniň wekili, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gülşat Annaýewa ýarym finalda eýranly Pardis Eidiwandiden asgyn gelip, ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.